Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

10:0523.09.2023
0
26853

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana, ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasy syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de iki ýurduň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydygynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagt, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň