Turkmenportal logo
23.09.23
1934419344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Koreýanyň ilçisi Taekwondo Milli merkezine taekwondo enjamlaryny sowgat berdi
Koreýanyň ilçisi Taekwondo Milli merkezine taekwondo enjamlaryny sowgat berdi

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Taekwondo Milli merkezine (WTF) ýörite taekwondo enjamlaryny sowgat bermek dabarasy geçirildi.


22-nji sentýabrda bolan dabarada taekwondo sport görnüşinde ulanylýan ýörite döş gursakçalary, el we aýak, üçin niýetlenen esbaplardyr gara guşaklar we ş.m gowşuryldy.


Şu ýylyň maý aýynda Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň, Koreýanyň sporty ösdürmek gaznasynyň we Taekwondo mahabat gaznasynyň hemaýatkärligi netijesinde taekwondo aýakgaplary hem sowgat berildi. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.


Taekwondo üçin ýörite enjamlaryň gowşurylyş dabarasynda Koreýa Respublikasynyň ilçisi Ji Kýu-Tek häzirki wagtda Türkmenistanda 500-den gowrak adamyň taekwondo boýunça tälim alýandygyny aýtdy. Şeýle hem ilçi Türkmenistanda taekwandony ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny belledi.


2010-njy ýylda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň Kubogy ugrundaky 1-nji taekwondo bäsleşiginiň geçirilendigini we şu wagta çenli bu ýaryşyň her ýyl geçirilýändigini ýatladýarys. Şu ýyl bu ýaryşa 200-den gowrak türgen gatnaşdy.