Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar

14:1922.09.2023
0
18924

Türkmen wekiliýeti 21-23-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilýän «Hytaý — Merkezi Aziýa» ylmy-barlag merkezleriniň üçünji forumyna gatnaşýar.

Bilermenler forumynyň bu gezekki temasy «Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň umumy ykbalynyň has ýakyn jemgyýetini döretmek ugrundaky tagallalary birleşdirmek» diýlip atlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli formatda ylmy-barlag merkezleriniň birinji we ikinji forumynyň üstünlikli geçirilmegine goşant goşdy. Bu gezek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty forumyň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, professor Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş edip, derwaýys meseleleriň gyssagly çözülmegini talap edýän halkara giňişlikdäki häzirki kyn ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, forumyň temasynyň örän ýerliklidigini belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyňyň häzirki döwrüň wehimlerine we kynçylyklaryna garşy diňe bilelikdäki tagallalar, syýasy we diplomatik usullar we gepleşikler arkaly göreşmegiň tarapdarydygy nygtaldy.

Forumyň dowamynda çykyş eden Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Täjigistanyň wekilleri hem üýtgeýän Ýewraziýa giňişliginiň çäginde öz ýurtlarynyň geljekdäki hyzmatdaşlyk baradaky garaýyşlaryny hödürlediler hem-de global kynçylyklara bilelikde jogap bermegiň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň