Turkmenportal logo
22.09.23
3816538165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Kremliň Metbugat gullugynyň habaryna görä, telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady.


Taraplar çuňňur strategik hyzmatdaşlyk esasynda türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty hem gelip gowuşdy.