Ozal habar berşimiz ýaly, Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäginde Dünýägözel Gulmanowa Premýer-ministr Han Dok-so bilen hem gepleşik geçirdi. Koreýanyň hökümetiniň başlygy öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky nebit, gaz we nebithimiýa taslamalary bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, «Hyundai Engineering» we «LG International» koreý kompaniýalary Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käninde kükürdi arassalamak boýunça desgalary, Gyýanly şäherçesinde bolsa polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny gurdular.
Ozal türkmen wekiliýetiniň birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşandygyny habar beripdik.