Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

08:0222.09.2023
0
32240

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen döwrebap özgertmelere, beýik ösüşlere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toýly günlerinde türkmen halky uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna barýar. Siziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip bellemegiňiz halkymyzda aýdyň geljege beýik ynam döredýär. Oguz han atamyzyň wesýetlerine eýerip, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgäňizden ugur alyp, agzybirlik bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanýan, seneleri şanly wakalara beslenýän merdana halkymyz bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň gatnaşmagyňyzda geçirilen Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka öwrüldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiz, Siziň baştutanlygyňyzda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Siziň baştutanlygyňyzda öňümizde döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşleriniň binýady bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly belent wezipeler durýar. Täze taryhy döwrümizde, hormatly Prezidentimiz, Siziň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyňyzyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň bagtyýar şu güni we aýdyň geljegi ugrunda öňde goýlan belent maksatlary durmuşa geçirmekde türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Siziň ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamagy, ylym bilen meşgullanmagy, zähmet çekmegi, kämilleşmegi ugrunda döredýän mümkinçilikleriňiz, täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bilim we ylym ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýaşlaryň göwünlerini ganatlandyryp, mundan beýläk hem hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň pähim-parasatly, ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyňyzyň netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Siziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny has-da berkitmek ugrunda öňde goýan belent maksatlaryňyz, alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatyňyz dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar.

Baýramçylyk günleriniň öň ýanynda Siziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagyňyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegiňiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyryp, ata Watanymyzyň daşary syýasy abraýyny has-da beýgeldýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Sizi mähriban halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen dabaralandyrýan günleriniň şanly senesi — doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, işleriňiz rowaç, ýaş toýuňyz gutly-mübärek bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň