Turkmenportal logo
21.09.23
114283114283
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär.


Agentligiň resmi web sahypasynda «Häzirki wagtda Kazandan Aşgabat we yzyna, şeýle hem beýleki halkara ugurlara: Aşgabat — Stambul — Aşgabat, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugurlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz» diýilýär.


Howa peteklerini «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginiň www.turkmenistanairlines.ru web sahypasyndan alyp ýa-da e-poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz — avia@itmgroup.ru.


Petekleri agentligiň satuw ofislerinde aşakdaky salgylarda satyn alyp bilersiňiz:


Sankt-Peterburg:


  • Pl. Aleksandr Newskiý, pl. Aleksandr Newskiý, 2 lit E, Moskwa myhmanhanasynyň binasy, 3-nji girelge, 1-nji gat
  • Habarlaşmak üçin:
  • +7 931 222 12 66
  • avialed.ticketing@gmail.com
  • https://vk.ru/public217310341

Duşenbe — Anna : 10:00-dan 19:00-a çenli.


Moskwa:


  • Domodedowo Halkara howa menzili, halkara gidiş zaly, 49-njy kassasy
  • Habarlaşmak üçin:
  • +7 903 243 22 50
  • aviastar2012@mail.ru
  • Her gün: 10:00-dan 19:00-a çenli.

Paweletskaýa metro bekedi, Pawetskiý bekedi, 3-nji gat, 35-nji ofis


  • Habarlaşmak üçin:
  • +7 915 109 85 02
  • Turkmenavia@mail.ru
  • Her gün: 10:00-dan 19:00-a çenli;
  • Dynç günleri: 10:00-dan 17:00-a çenli.

Kazan:


  • Kozýa Sloboda metro bekedi Dekabristow, 85 B, «Relita» işewürlik merkezi, ikinji gat, otag. 210 M.
  • Habarlaşmak üçin:
  • +7 843 500 55 31
  • Duşenbe — Anna: 9:00-dan 18:00-a çenli

Özüňizi gyzyklandyrýan ähli maglumatlar boýunça aşakdaky salgylardan gyzyklanyp bilersiňiz:


  • +7 812 459 98 99
  • avia@itmgroup.ru
  • Her gün: 10:00-dan 19:00-a çenli

Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlarynyň togtadylýandygyny habar beripdik.