Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler.
Bu waka mynasybetli Aşgabatdaky şäher awtobuslary şygarlar bilen bezeldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Agzybirligimiz bile ähli sepgitlere ýeteris», «Arkadagyň ýoly — ak geljegiň ýoly» we «Döwlet adam üçindir!» ýaly ýazgylar şäher awtobuslaryny bezäp, ýakynlaşýan möhüm sene bilen bagly baýramçylyk ruhuny döredýär.
Bellenen wagtlarynda nobatma-nobat bir biriniň yzyndan gatnap duran awtobuslarda göze gelüwli şygarlaryň ýerleşdirilmegi bilen aşgabatlylarda Berkararlyk, Watan, syýasy ýörelgeler, agzybirlik, geljege bolan ynam hakda we şuňa meňzeş beýleki mazmundaky düşünjeler barada oýlanmaga esas berýär.