Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karar çykardy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrylar we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklandy.