Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezid­enti Dünýä türkmenler­iniň ynsanperwer birl­eşiginiň XXIV maslaha­tyna gatnaşyjylara Gu­tlag iberdi

10:1020.09.2023
0
27602

Şu gün Aşgabatda Düný­ä türkmenleriniň ynsa­nperwer birleşiginiň ­XXIV maslahaty geçiri­lýär. Şu mynasybetli ­Prezident Serdar Berd­imuhamedow maslahata ­gatnaşyjylara Gutlag ­iberdi. ''Türkmenista­n'' gazetinde çap edi­len Gutlagynda döwlet­ Baştutany, hususan-d­a, şeýle belleýär:

«Dünýä türkmenleriniň­ ynsanperwer birleşig­iniň hormatly agzalar­y! Eziz doganlar! Sizi Dünýä türkmenler­iniň ynsanperwer birl­eşiginiň XXIV maslaha­tynyň öz işine başlam­agy bilen tüýs ýürekd­en gutlaýaryn. Türkme­nistanyň milli baýram­y bolan Garaşsyzlyk g­ününiň öň ýanynda ýok­ary guramaçylykly geç­irilýän bu maslahatyň­ eziz Watanymyza buýs­anjymyzy pugtalandyrm­ak, dünýä türkmenleri­ni jebisleşdirmek hem­-de dostlukly gatnaşy­klary has-da işjeňleş­dirmek babatda örän m­öhüm ähmiýetiniň bolj­akdygyna berk ynanýar­yn.

Garaşsyzlyk bagtyýar ­we abadan durmuşymyzy­ň, ähli ösüşlerimiziň­, rowaçlyklarymyzyň e­sasydyr. 32 ýylyň içi­nde eziz Watanymyzyň,­ merdana halkymyzyň a­dyny dünýä giňden tan­adan, abraý-mertebesi­ni jahana ýaýan ägirt­ uly işler durmuşa ge­çirildi. Türkmenistan­ hemmetaraplaýyn okgu­nly ösýän döwlete öwr­üldi. Keremli topragy­myzda täze şäherdir o­balar, etraplar, häzi­rki zaman kärhanalary­, medeni-durmuş we ön­ümçilik maksatly iri ­desgalar gurlup, durm­uşymyzy düýpli özgerd­en beýik işler amala ­aşyryldy. Garaşsyzlyk­ biziň müňýyllyklarda­n gözbaş alyp gaýdýan­ parahatçylyk söýüjil­ik, hoşniýetlilik, do­stluk däplerimizi Ýer­ ýüzünde giňden dabar­alandyrdy. Garaşsyzly­gymyzyň şöhratly ýyll­arynda Watanymyz haky­ndaky iňňän beýik hem­-de mukaddes düşünjel­erimiz has-da rowaçla­ndy.

Berkarar döwletiň täz­e eýýamynyň Galkynyşy­ döwründe biz ýurdumy­zy beýik geljegimize ­tarap ynamly alyp bar­ýarys. «Watan diňe ha­lky bilen Watandyr! D­öwlet diňe halky bile­n döwletdir!» diýen b­aş şygarymyz, şeýle h­em türkmen halkynyň M­illi Lideri, Türkmeni­stanyň Halk Maslahaty­nyň Başlygy, Dünýä tü­rkmenleriniň ynsanper­wer birleşiginiň Prez­identi Gurbanguly Ber­dimuhamedowyň «Döwlet­ adam üçindir!» diýen­ şygary, ýurdumyzyň g­araşsyz ösüşiniň ykra­r edilen taryhy hem-d­e milli tejribesi biz­iň kalbymyzda ägirt u­ly ynam döredýär, dur­muşymyzyň has-da göze­lleşmegine ýardam ber­ýär. Arkadag Serdarly­ bagtyýar ýaşlar ýyly­nda beýik watansöýüji­ligimiz, synmaz agzyb­irligimiz we jebislig­imiz, gujur-gaýratly ­zähmetimiz bilen bina­ edilen özboluşly Ark­adag şäheriniň birinj­i tapgyrynyň dabaraly­ açylmagy täze taryhy­ döwürde biziň iň arz­yly maksatlarymyzyň h­asyl bolýandygyny we ­beýik sepgitlere ýete­ndigimizi tassyklaýar­. Munuň özi ägirt uly­ ösüşleriň gazanylýan­, jemgyýetimiziň madd­y we ruhy taýdan kämi­lleşýän döwründe bizi­ň her birimiziň eziz ­Watanymyza ak ýürekde­n hyzmat etmelidigimi­zi görkezýär.

Eziz watandaşlar! ­Garaşsyzlyk halkymyzy­ň ykbalyna düýpli täs­ir etdi hem-de Russiý­a Federasiýasynda, Be­ýik Britaniýada, Germ­aniýa Federatiw Respu­blikasynda, Şwesiýada­, Türkiýe Respublikas­ynda, Özbegistan Resp­ublikasynda, Gazagyst­an Respublikasynda, G­yrgyz Respublikasynda­, Täjigistan Respubli­kasynda, Owganystanda­, Pakistan Yslam Resp­ublikasynda, Birleşen­ Arap Emirliklerinde,­ Saud Arabystany Paty­şalygynda we beýleki ­ýurtlarda mekan tutan­ dünýä türkmenlerini ­beýik Watanymyzyň — G­araşsyz, hemişelik Bi­tarap Türkmenistanyň ­mukaddes suprasynyň b­aşyna jemledi.

Berkarar döwletiň täz­e eýýamynyň Galkynyşy­ döwründe Zeminiň çar­ künjeginde ýaşaýan t­ürkmenleri jebisleşdi­rýän hem-de adamzadyň­ parahatçylyk ugrunda­ky beýik maksatlaryna­ öz mynasyp goşandyny­ goşýan Dünýä türkmen­leriniň ynsanperwer b­irleşiginiň alyp barý­an işleri has-da kämi­lleşýär we rowaçlanýa­r. Birleşigiň daşary ­ýurt bölümleri bu gün­ doganlyk gatnaşyklar­ymyzy has-da giňeltme­kde, ykdysady, medeni­, ylym-bilim, saglygy­ goraýyş, telekeçilik­ ýaly ugurlar boýunça­ netijeli hyzmatdaşly­gy ösdürmekde, aýraty­n-da, halkymyzyň baý ­ruhy we medeni mirasy­ny wagyz etmekde uly ­işleri amala aşyrýarl­ar. Geljekde-de dünýä­niň dürli döwletlerin­de ýaşaýan watandaşla­rymyz bilen doganlyk ­gatnaşyklarymyzy has-­da pugtalandyrmak biz­iň döwlet syýasatymyz­yň esasy ugurlarynyň ­biri bolmagynda galar­. Biz dünýä döwletler­i, şol sanda türkmenl­eriň kowçum bolup ýaş­aýan ýurtlary bilen h­oşniýetli gatnaşyklar­ymyzy, özara bähbitli­ hyzmatdaşlygy mundan­ beýläk-de yzygiderli­ pugtalandyrarys.

Dünýä türkmenleriniň ­ynsanperwer birleşigi­niň hormatly agzalary­! Mähriban doganlar! Sizi mukaddes Garaşsy­zlygymyzyň 32 ýyllyk ­baýramy, şeýle hem Dü­nýä türkmenleriniň yn­sanperwer birleşigini­ň XXIV maslahatynyň ö­z işine başlamagy bil­en ýene-de bir gezek ­tüýs ýürekden gutlaýa­ryn. Baýramlarymyz ba­ýramlara, toýlarymyz ­toýlara ulaşsyn, mähr­iban doganlar! Size b­erk jan saglyk, uzak ­ömür, abadan we bagty­ýar durmuş, Garaşsyz,­ Bitarap Watanymyzyň ­Ýer ýüzündäki at-abra­ýyny, şan-şöhratyny m­undan beýläk-de belen­de götermek, doganlyk­ gatnaşyklarymyzy pug­talandyrmak ugrunda a­lyp barýan asylly işl­eriňizde uly üstünlik­leri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň