Turkmenportal logo
19.09.23
2129221292
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen diplomaty Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň premýeri bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň premýeri bilen duşuşdySurat: mfa.gov.tm

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Sarawak welaýatynyň premýeri (häkimi) Datuk Tan Sri Abang Johari Opengiň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi «akylly» Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy.


Habarda bellenilişi ýaly, taraplar geljekde iki ýurduň welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.