Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda Aşgabatda bu düzümiň16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşygynda aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu mejlisiň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyna aýratyn üns berlip, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň uly ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň şu ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem şu günler parlamentara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan sapary bu ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykardy.