Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar

18:5918.09.2023
0
28346
Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar
Surat: newscentralasia.net

14-nji sentýabrda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga TDG-niň Baş sekretary K.Omuraliýew, şeýle hem Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň demir ýol kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we başlyklarynyň orunbasarlary, Türkmenistandan bolsa «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Taraplar Guramanyň meýdançasynda goşmaça, tygşytly halkara demir ýol geçelgelerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar multimodal ulagyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu geçelgelerde yzygiderli otlulary ýola goýmak barada pikir alyşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, Azat Atamyradow gatnaşyjylary Türkmenistanyň halkara ulag diplomatiýasy, ýurduň demir ýol pudagynyň mümkinçilikleri, pudagyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem täze ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň emele gelşi bilen tanyşdyrdy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalary barada aýtdy. Hususan-da, Gazagystan—Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenistanyň çäginden Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän «Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Akina — Andhoý bekedi barada söhbet etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa ulag geçelgesiniň we Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň hem bir bölegi bolup durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini belläp, A.Atamyradow ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça çäreleri hasam giňeltmäge umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň