Turkmenportal logo
16.09.23
6200862008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi başlanar
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi başlanar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi okuwçylaryň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümine gatnaşmak üçin isleg bildiren okuwçylar bilen saýlap alyş test synaglarynyň başlanýandygyny habar berdi.


Test synaglary «onlaýn» görnüşinde şu salgylarda ýörite bellenilen otaglarda guramaçylykly görnüşde geçiriler:


20.09.2023 ý. – Mary welaýatynda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;


20.09.2023 ý. – Balkan welaýatynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde;


21.09.2023 ý. Lebap welaýatynda, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;


21.09.2023 ý. Daşoguz welaýatynda, Türkmen oba hojalyk institutynda;


22.09.2023 ý. Ahal welaýaty we Aşgabat şäheriniň okuwçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda.


Test synagy şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:


a) Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi;


b) XVII-XVIII asyrlaryň Türkmenistan we dünýä taryhy;


ç) iňlis dili;


d) zehin-paýhas soraglary.


Test 100 soragdan ybarat bolup, ony çözmäge 60 minut wagt berler.


Test synaglary sagat 10:00 başlanar.