TASS-yň «RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Muraýewiň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň mukdary barha artýar.
Ýanwar — awgust aýlarynyň aralygynda bu ugurdaky ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57% ýokarlandy.
«Türkmenistan we Eýran bilen demir ýol arkaly ýük gatnawy yzygiderli artýar» diýip, Baş direktor belleýär.
Şeýle hem, ol «RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň ikitaraplaýyn gepleşiklere we döwletara derejesinde gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýandygyny, bu babatda edilýän tagallalaryň, esasan hem, ýükleriň daşalyş möhletini we ýük daşaýjylar üçin transport çykdajylaryny azaltmaga gönükdirilendigini aýtdy.
«Degişli halkara ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanjakdygyny we demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň möçberiniň artjakdygyny ynam bilen aýdyp bolar» diýip, Dmitriý Muraýew belledi.