Turkmenportal logo
15.09.23
3679636796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Er-Riýadda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Er-Riýadda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldySurat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew penşenbe güni Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen gepleşik geçirdi.


Duşuşyk Er-Riýad şäherinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da ykdysady, ulag, üstaşyr we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.


Ozal Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýewiň Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşandygyny habar beripdik.