Turkmenportal logo
15.09.23
2765227652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Natalýa Germana gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Natalýa Germana gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germana kakasy Mirça Iwanowiç Sneguryň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Mirça Iwanowiç görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Moldowa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi - diýlip, hatda bellenilýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu pursatda agyr ýitgini başdan geçirýän hanym Natalýa Germana ruhy durnuklylyk, gujur-gaýrat diläp, maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.