Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Duşenbe sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.
Sammitiň gün tertibinden sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler orun alýar. Hususan-da, döwlet Baştutanlarynyň ýangyç-energetika hem-de ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermeklerine garaşylýar.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.