Turkmenportal logo
14.09.23
3826738267
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň ilçisi Döwletliler köşgünde terbieýelenilýän çagalara 270 sany mekdep sumkasyny hem-de 20 sany kompýuter sowgat berdi
BAE-niň ilçisi Döwletliler köşgünde terbieýelenilýän çagalara 270 sany mekdep sumkasyny hem-de 20 sany kompýuter sowgat berdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Şeýh Zaýed ben Sultan Al-Nahaýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.


BAE-niň ilçisi Döwletliler köşgüne saparynyň çäginde bu ýerde terbiýelenilýän çagalara ähli zerur mekdep esbaplaryny öz içine alýan 270 sany mekdep sumkasyny hem-de 20 sany kompýuteri gowşurdy.



«Biz Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalaryň ýokary hilli bilim alyp, öz geljeklerini üstünlikli gurup bilmekleri üçin goldaw bermäge şat» diýip, Ahmed Al-Hameli belläp geçdi.