Soňky habarlar

Arhiw

R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

20:5613.09.2023
0
32142

Wise-premýer Raşid Meredow çarşenbe güni Duşanbede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin ýolbaşçylygynda geçirild. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşykda daşary işler ministrleri sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine açyk we giň gerimli özara gatnaşyklara taýýardygy barada mälim etdiler. Sebitdäki döwletleriň ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da giňeltmek we berkitmek, häzirki meseleleri çözmekde bilelikdäki başlangyçlary öňe sürýändigi we kynçylyklara hem-de howplara garşy göreşmek islegine gyşarnyksyz eýerýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Häzirki meseleleriň giň toparynda yzygiderli özara gatnaşyklar uzak möhletleýin maksatlara ýetmegiň we Merkezi Aziýanyň dogan ýurtlarynyň bilelikdäki ösüşiniň açarydyr diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň