Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleri Duşenbe Beýannamasyny kabul etdiler

18:5813.09.2023
0
38127
Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleri Duşenbe Beýannamasyny kabul etdiler
Surat: newscentralasia.net

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Forumda Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew wekilçilik etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleri Duşenbe Beýannamasyny kabul etdiler. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berilmegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Duşenbe Beýannamasynda, hususan-da, şu aşakdakylar bellenilip geçilýär:

— Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda halkara söwdany we arabaglanyşygy gazanmakda ulag-logistika pudagynyň möhüm ornunyň bardygyny, onuň durnukly söwdany, ykdysady ösüşi we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin esas bolup hyzmat edýändigini ykrar edýärler;

— Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň arasynda toplumlaýyn halkara geçelgeleri we gatnawlary ösdürmek hem-de gowulandyrmak üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalary ulanmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirerler;

— Taraplar sebit we beýleki ýurtlaryň arasyndaky ulag ulgamyndaky özara baglanyşygy üpjün etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň logistika hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny ykrar edýärler;

— Taraplar sebit we beýleki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammarlary, önümçilikleri we önümçilik desgalaryny döretmek baradaky tagallalaryny dowam etdirerler.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal sebitiň ulag ministrleriniň Duşenbe duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gol çekiljek möhüm resminamanyň — Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşygyň taslamasyny makullandyklaryny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň