Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi

12:0512.09.2023
0
26002
Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi
Surat: customs.gov.tm

Mary welaýat gümrükhanasynyň çäginde «Gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we onuň daşary söwdany ösdürmekdäki ähmiýeti» atly okuw-maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.

Okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem telekeçiler gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw-maslahatynda taýýar milli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlik durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin beýan edildi. Şunda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmeklige aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy.

Mundan başga-da, gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, kanunçylygyň kämilleşdirmegi bilen, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi.

Çärä gatnaşyjylar Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän wideoşekillere hem tomaşa etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň