Turkmenportal logo
11.09.23
4191941919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistandaky lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri üçin okuw geçirdi
BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistandaky lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri üçin okuw geçirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky bölümi tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri üçin okuw seminary geçirildi.


Bu seminara BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň hünärmenleri ýolbaşçylyk etdi. Bu okuw Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sanjym, immunizasiýa we sagdyn durmuş ýörelgesini saklamak boýunça esasy usullary bilen tanyşmak üçin geçirildi.


Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, bu okuw Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen guraldy.