Turkmenportal logo
09.09.23
1464014640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL — 2023: «Merw» «Şagadamy» Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi

8-nji sentýabrda 16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Merw» bilen «Şagadam» toparlary duşuşdylar.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu duşuşykda mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Merw» topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Ýakşiýew öz adyna ýazdyrdy.


Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan «Merw» topary ýaryş tertibinde ýedinji orna geçmegi başardy. 8 utugy bolan «Şagadam» topary 9 orny eýeleýär.



16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:


«Merw»«Şagadam» – 2:0


Gollar: 20, 70 (11 m.j.u.) Myrat Ýakşiýew.



Çempionatyň tablisasy:


T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«Arkadag»

12

12

0

0

39-9

36

2.

«Altyn Asyr»

14

10

2

2

37-12

32

3.

«Nebitçi»

14

8

1

5

23-16

25

4.

«Köpetdag»

13

5

2

6

17-25

17

5.

«Ahal»

13

5

1

7

18-19

16

6.

«Aşgabat»

14

5

1

8

17-33

16

7.

«Merw»

11

3

3

5

12-16

12

8.

«Energetik»

14

4

0

10

11-27

12

9.

«Şagadam»

15

2

2

11

9-26

8