Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap edebi agşam geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 7-nji sentýabra bolan çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymgyly Pyragy» atly täze goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen başlandy.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň baý mirasyna bagyşlanan bu eseriň Arkadagyň şahyrana zehinini ýene bir gezek görkezendigini nygtadylar.
Edebi agşamyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we giň dünýägaraýyş bilen şahyrana paýhasa ýugrulan goşgularyny okadylar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen edebiýatyna hem ruhy dünýäsine däl, eýsem, Gündogaryň halklaryna öz täsirini ýetirendigini bellediler diýlip, habarda aýdylýar.
