Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň çeken suratlarynyň sergisi açyldy

10:2209.09.2023
0
24507
Aşgabatda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň çeken suratlarynyň sergisi açyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Aşgabatda Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň surat bölüminiň mugallymlarynyň 21-siniň eserleriniň sergisi guraldy.

Sergide dürli temalara, görnüşlere degişli eserleriň 125-si sungat işgärlerine, akademiýanyň talyplaryna, sungaty öwrenijilere we sungaty söýüjilere görkezildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Olaryň arasynda Azat Myradowyň «Mekgä baryp görmek», Zakirjan Babaýewiň «Daglarda duşuşyk», Polat Çaryýewiň «Ussat bagşy», Atageldi Jumanyýazowyň «Gyz we geçi», şeýle hem Begenç Berkeliýewiň eserleri bar.

Her bir eser suratkeşiň daş-töwerege bolan şahsy garaýşyny açyp görkezýär. Olaryň her biri döredýän eserlerinde dünýäni özleriçe görüşleri ýaly beýan edýärler. Ýaş suratkeşler şeýle mugallymlardan sungatyň bu görnüşiniň syrlaryny, inçe taraplaryny öwrenmäge çalyşýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň