Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Indoneziýanyň ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda asgyn geldi. Surabaýa şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda gollary 19-njy minutda Dendi Sulisýwan bilen 90+1-nji minutda Egi Maulana geçirdi.
Duşuşykda türkmen janköýerleriniň keýpini gaçyran ýagdaýlaryň ýene biri hem 49-njy minutda Şanazar Tirkişowyň garşydaşyň jerime meýdançasynda ýykylmagyna garamazdan, eminiň 11 metrlik jerime urgusyny bermezligi boldy.
Türkmen milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýändigini ýatladýarys. Mergen Orazowyň şägirtleri 12-nji sentýabrda Dubaýda Bahreýniň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.