Turkmenportal logo
09.09.23
3247632476
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik Liderine gutlag iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik Liderine gutlag iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


Garaşsyzlyk ýyllary içinde Siziň baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň syýasy we ykdysady durmuşynda uly üstünlikler gazanyldy, halkara giňişlikde amala aşyrylýan netijeli işleriňiz bolsa Täjigistan Respublikasynyň abraýyny belende göterdi. Biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygyny aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işinde üstünlikler, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.