Turkmenportal logo
08.09.23
2649026490
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň baş direktory Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy
R.Meredow Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň baş direktory Nikolaý Mladenow bilen duşuşdymfa.gov.tm

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Bellenilişi ýaly, duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady.


Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Diplomatik akademiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» işläp düzmek we soňra oňa gol çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.


Taraplar özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde talyp alyşmak tejribesini ornaşdyrmagy, ýaş diplomatlar üçin diplomatik okuwlary guramaklygy, bilelikdäki bilim taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşmaklygy belläp geçdiler.


Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji sentýabrda BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň öňünde çykyş etdi hem-de bu ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdy.