Penşenbe güni Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişine görä, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge isleg bildirýändiklerini mälim etdiler.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýewiň, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilendigini habar beripdik.
Şeýle-de okaň:

