Turkmenportal logo
07.09.23
3436434364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynda Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletalin bilen duşuşyk geçirildi.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy sosial ulgamlarda habar berýär.


S.Dauletalin türkmen wekillerini «Kärdeşler arkalaşyklarynyň howanyň üýtgemegi we Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada adalatly geçiş boýunça hereketi» atly sebitleýin konferensiýa gatnaşmaga çagyrdy. Maslahat 18-19-njy oktýabr aralygynda Şimkentde Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde geçiriler.