Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

14:4707.09.2023
0
37812

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň