Turkmenportal logo
07.09.23
2691826918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilima Guseýnowa tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionatynda ýarym finala çykdy
Ilima Guseýnowa tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionatynda ýarym finala çykdy

Türkmenistanly Ilima Guseýnowa Kambojanyň paýtagty Pnompen şäherinde geçirilýän tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionatynda ýarym finala çykdy. Bu barada «Turkmenportala» Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy habar berdi.


Tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionaty Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň iň güýçli 24 sany tennisçisini özünde jemleýän yklymyň iň abraýly ýaryşydyr.


Ilima Guseýnowa bu abraýly ýaryşyň çärýek finalynda hindistanly Diýa Rameşi 7:6, 1:6, 6:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Indi ýarym finalda türkmenistanly tennisçi turniriň dördünji raketkasy taýlandly Tarita Hongsýok bilen güýç synanyşar.


Ýeri gelende bellesek, Guseýnowa ýaryşyň ikinji aýlawynda turniriň ikinji raketkasy özbegistanly Emili Kimi 6:7, 7:6, 6:2 hasabynda ýeňipdi. Birinji aýlawda bolsa ol hindistanly Surýanşi Şehawatdan iki setde üstün çykdy.


Ilima Guseýnowa häzirki wagtda öz deň-duşlarynyň arasynda Aziýanyň reýtinginde 13-nji orny eýeläp dur. Ol Mirali Gasanowyň tälim bermeginde «Aşgabat» tennis akademiýasynda türgenleşýär.