Turkmenportal logo
05.09.23
2971929719
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow we ýapon uniwersitetiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow we ýapon uniwersitetiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylarSurat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:


— Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklar syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine almak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär — diýip, kanagatlanma bilen belledi.


Şeýle-de duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary bilelikdäki ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşar.


Söhbetdeşler mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýtmak bilen, tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini hem-de Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Duşuşykda wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ugurlar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilişi barada hem aýratyn durlup geçildi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, bu ugurda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.