Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow ýakynda wezipä bellenen Pakistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy.
31-nji awgustda bolan duşuşygyň başynda ilçi söhbetdeşini täze wezipä girişmegi bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny, şol sanda, TOPH we TOP ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Pakistan üçin örän möhüm bolup durýandygyny belledi.
Taraplar dürli ugurlaryndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, A.Möwlamow 24-nji awgustda Pakistanyň federal energiýa ministri Muhammet Aly bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.