Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tälimçileriň toparlary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňişlerini gazandylar

11:0605.09.2023
0
39392

Russiýanyň çemionatynyň Birinji ligasynyň sekizinji tapgyry türkmenistanly tälimçileriň türgenleşdirýän toparlary üçin şowly geldi. Has takygy, tapgyrda Gurban Berdiýewiň halypalyk edýän Mahaçkalanyň «Dinamosy» hem, Dmitriý Homuhadan tälim alýan Ýaroslawlyň «Şinnik» topary hem ýeňiş gazanmagy başardy.

Mahaçkalanyň «Dinamo» kluby Habarows şäheriniň «SKA» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan bolsa, Ýaroslawlyň «Şinniki» Nižnekamskyň «Neftehimigini» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, sekiz tapgyrdan soňra «Dinamo» 12 utuk bilen turnir tablisasynyň 7-nji ornunda, «Şinnik» bolsa 13 utuk bilen 5-nji basgançagynda barýar. Ýaryş jedweliniň başyny 19 utuk bilen «Alaniýa» topary çekýär. Mundan başga-da ilkinji üçlükde «Sokol» (16 utuk) hem-de «Akron» (14 utuk) toparlary orun alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň