Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5304.09.2023
0
23376
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işlere garaldy.

Häkimler welaýatlaryň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda häzirki wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygyjy kombaýnlary we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleriniň utgaşykly alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Häkimler welaýatlaryň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berdiler.

Şeýle-de häkimler ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlere öňde durýan wezipeleri ýokary derejede we talabalaýyk ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «ak pata» bermegi bilen ýurduň welaýatlarynda şu ýylyň 6-njy sentýabrynda bugdaý ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý ekiji gurallary we bejergi traktorlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde ideg işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, bu möwsümlere girişmek dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda käbir welaýatlaryň degişli etrap häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň