Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Göwher» dükany kosmetika serişdelerini saýlamak boýunça mugt maslahatlary berýär

16:5104.09.2023
0
35459

Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň bezeg hem-de ideg maksatly kosmetika önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýändigi bilen tanalýan «Göwher Cosmetics Shop» dükany müşderilerine kosmetika serişdelerini saýlamakda professional maslahaty we kömegi bermek hyzmatyny teklip edýär.

«Göwher» dükanynyň satyjy-geňeşçileri gündelik we baýramçylyk makiýažy üçin bezeg kosmetika serişdelerini nädip saýlamalydygyny, deriniň islendik görnüşine we ýaşyna görä ideg serişdesini saýlamaga kömek ederler hem-de olary ulanmagyň aýratynlyklary barada gürrüň bererler.

«Göwher» dükanynyň tekjelerinde Dior, Chanel, Estee Lauder, Huda beauty, Fenty beauty, Mac, Sephora, Benefit, La Roche-Posay, Vichy, Likato, Elemis, Forlled ýaly meşhur kosmetika haryt nyşanlarynyň önümleri hödürlenýär. Dükanyň hödürleýän önümleri gözellik pudagynyň üýtgeýän tendensiýalaryna we täze kosmetiki serişdeleriniň öndürilmegine laýyklykda, yzygiderli täzelenýär, şeýle hem dürli aksiýalar we bäsleşikler geçirilýär, dowamly müşderiler üçin bolsa amatly arzanladyş ulgamy hereket edýär.

Zerurlyk bolan ýagdaýynda, dükan Aşgabadyň islendik nokadyna harytlary eltip bermek hyzmatyny guraýar.

«Göwher Cosmetics Shop» dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 63) 14 44 12.

Dükanyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň