Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sentýabrdaky ýoldaşlyk duşuşyklary üçin Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna çagyrylan oýunçylar

10:2304.09.2023
0
19147

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler sentýabr aýynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklary üçin düzümi yglan etdi.

Derwezeçiler

  • Resul Çaryýew — «Arkadag», Batyr Babaýew — «Altyn asyr».

Goragçylar

  • Ata Geldiýew, Şöhrat Söýünow — ikisi hem «Ahal», Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow — ählisi «Arkadag», Hoşgeldi Hojowow — «Altyn asyr», Wepa Jumaýew — «Energetik-BGU» (Belarus), Teýmur Çaryýew — «Abdyşata» (Gyrgyzystan).

Ýarym goragçylar

  • Ahmet Ataýew — «Altyn asyr», Ilýa Tamurkin, Welmyrat Ballakow, Begmyrat Baýow — ählisi «Arkadag», Döwran Hojamämmedow, Alybek Abdyrahmanow, Elman Tagaýew — ählisi «Ahal», Ruslan Mingazow — «Kitçi» (Gonkong).

Hüjümçiler

  • Şanazar Tirkişow — «Arkadag», Myrat Annaýew, Selim Nurmyradow — ikisi hem «Altyn asyr», Ýazgylyç Gurbanow — «Ahal».

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 8-nji sentýabrda Indoneziýanyň, 12-nji sentýabrda bolsa Bahreýniň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň