Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

10:0904.09.2023
0
16793

Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy Belgiýada, Germaniýada, Italiýada we Estoniýada bilelikde geçirilen Ýewropa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy.

Brýussel şäherinde bolan final duşuşygynda türk ýygyndysy Serbiýanyň ýygyndysyny 3:2 (25:27, 25:21, 22:25, 25:22, 15:13) hasabynda ýeňdi.

Yklym çempionatynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Niderlandlaryň ýygyndysy Italiýany 3:0 hasabynda ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Şeýlelikde, Türkiýäniň zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Mundan ozal türkiýeli woleýbolçy zenanlar Ýewropa çempionatlarynda iki gezek kümüş, üç gezek hem bürünç medala mynasyp bolupdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň