Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Beýik sazlaýjy 3» prokata ýaramaz başlady

10:4802.09.2023
0
29998

Aktýor Denzel Waşingtonyň baş keşpde çykyş edýän «Beýik sazlaýjy 3» atly täze filmi prokata ýaramaz başlady, film ilkinji günde ýerli kinoteatrlarda 3,8 million dollar kassa ýygymyny toplady diýip, «Kinonews.ru» habar berýär.

«R» reýtingli film ilkinji dynç günleri, ýagny şu gün we ertir — ýekşenbede prokatda 30 million dollara çenli toplar diýlip çak edilýär. Amerikada Zähmet gününiň bellenmegi bilen baglylykda, duşenbede film ilkinji dört günde 40 million dollara çenli kassa ýygymyny gazanyp biler. Bu prokatda öňdeligi gazanmaga mümkinçilik berer.

Emma kino bazaryny seljerijler «Beýik sazlaýjy 3» filminiň öňki bölümler bilen deňeşdirilende, prokata ýaramaz netije bilen girişendigini belleýärler, mysal üçin, tapgyryň birinji bölümi 2014-nji ýylda prokata çykan dessine 34 million dollar, ikinjisi 2018-nji ýylda 36 million dollar toplady. Filmleriň ikisi hem dünýä prokatynda 200 million dollar girdeji getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň