Turkmenportal logo
31.08.23
3620736207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Guwlymaýak şäherçesinde durmuş-medeni maksatly täze binalar gurlar
Guwlymaýak şäherçesinde durmuş-medeni maksatly täze binalar gurlar

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32 öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle hem 1 sany söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany, ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara şu gün geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Resminamada gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.