Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekip, Merdan Tejimowiç Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi belledi.

