Türkmenistanyň Özbegistandaky täze bellenen ilçisi Şadurdy Meredow 30-njy awgustda Prezident Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

— Türkmenistan biziň iň ýakyn goňşymyz, biz köp asyrlar bäri egin-egne berip ýaşap gelýäris, umumy dilimiz, dinimiz we däp-dessurlarymyz bar – diýip, Ş.Mirziýoýew duşuşykda belledi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda — syýasy, parlamentara, söwda-ykdysadyýet, ulag, energetika, suw we oba hojalygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlarda täze derejä ýetendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Ýakynda Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine amala aşyran sapary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikler strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga hyzmat etdi diýlip, habarda aýdylýar.
— Söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we anyk taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag we üstaşyr ýükleri köpeltmek babatda uly mümkinçiliklerimiz bar – diýip, Özbegistanyň Prezidenti nygtady.
Taraplar ysnyşykly köptaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň çäginde özara goldaw tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary bilen Şadurdy Öweznepesowiç Meredow Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmen ilçisi ýakynda Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow tarapyndan kabul edildi we ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.
