Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
– Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we özüniň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda uly netijeleri gazandy – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany häzirki wagtda döwletara dialogyň täze ugurlary we pudaklary öz içine alýandygyny hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen öňden gelýän hoşniýetli dostluk däplerine esaslanyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.
