Top.Mail.Ru

Hünärmenler mekdep okuwçylarynyň uklamagy üçin iň amatly möçberdäki sagat sanyny mälim etdiler

12:4630.08.2023
0
26227

Okuw ýylynyň başlanmagy – çagalar we ene-atalar üçin elmydama tolgundyryjy döwürdir. Çagalar täze bilimlere, tanyşlyklara, düzgünlere we gün tertibine taýýarlanýarlar. Çaganyň üstünlikli okamagy we ösmegi üçin onuň doly dynç almagy hem-de uklamagy zerurdyr.

«AIF» Moskwadaky Rospotrebnadzor müdiriýetiniň saýtyndaky maglumatlara salgylanyp, ene-atalar üçin teklipleriň sanawyny düzdi.

Rahat ýatylýan ýer. Krowat çaganyň ýaşyna we boýuna laýyk bolmalydyr. Oňurga düşýän agramy ýeňletmek we arkada nähoşluklaryň döremeginiň öňüni almak üçin ortopediki düşek hem-de pes ýassyk saýlap almak has gowudyr.

Ýatmazdan ozal otagy hökman ýelejiretmeli.

Agşamlyk nahary uklamazdan öň 2-3 sagatdan gijä galman edinilmeli.

19:00-dan soň çaga üçin asuda gurşaw döretmek we emosional ýüki azaltmak möhümdir. Munuň üçin onuň enjamlary ulanmak we gaty sesli oýunlary oýnamak mümkinçiligini çäklendirmeli.

Hünärmenler çaganyň ýatmazdan ozal ýerine ýetirjek peýdaly endiklerini ýola goýmagy hem maslahat berýärler: agşam suwa düşmek, hammama girmek, gezelenç etmek, okamak.

Şeýle hem okuwçynyň kesgitlenen wagtda ýatýandygyna we turýandygyna gözegçilik etmeli.

Çaga üçin iň amatly uky tertibi nähili?

Mekdep okuwçylary üçin maslahat berilýän ukynyň dowamlylygy olaryň ýaşyna baglydyr. Çaga näçe kiçi bolsa, oňa güýjüni dikeltmek üçin şonça-da köp wagt gerek bolýar.

1 – 4-nji synp aralygyndaky okuwçylar azyndan 10 sagat ýatmaly, 5 – 7-nji synp okuwçylar – 10,5 sagat, 6 – 9-njy synp – 9-9,5 sagat, 10-11-nji synplarda bolsa uky 8-9 sagat dowam etmeli.

Hünärmenler mümkin boldugyça gündizki ukynyň hem berilmelidigini belleýärler: 4 – 7 ýaşly çagalar üçin – 2,5 sagat; 7 ýaşdan ulular üçin – 1,5 sagat.

Hünärmenler eger okuwçylar synag tabşyrýan bolsalar, barlag işinden öň we islendik güýçli akyl işjeňligi talap edilýän wagtda olaryň ukusynyň adaty dowamlylygyny ortaça bir sagat artdyrmagy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň