Turkmenportal logo
29.08.23
4009640096
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2142-nji Karary esasynda döredilen Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.


Mejlisde Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ýurtda üstünlikli ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem Pudagara toparynyň düzümine girýän ygtyýarly edaralar tarapyndan Ulgamy ornaşdyrmakda ösüş derejeleri barada çykyş edilip, bu babatda pikir alşyldy.


Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» Taslama resminamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ileri tutulýan meseleler bellenildi we bu ugurda anyk çözgütler kabul edildi.


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri kadalaşdyryjy hukuk namalary has-da kämilleşdirmek hem-de pudagara elektron aragatnaşygy sazlamak barada çykyş etdiler.