Aşgabatda ýerleşýän «Tchibo» dükanlarynyň ýola goýan täze aksiýasy laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşaýjylary harytlary amatly bahalardan satyn alyp bilýärler.
«Turkmenportal» web saýtynyň okyjylary 10-njy sentýabra çenli bu dükanlardan 100 manat möçberinde goşmaça arzanladyş alyp bilerler. Munuň üçin bolsa sowgatlyk petegini (suraty aşakda) surata düşürmeli we «Tchibo» dükanlarynyň islendik birine baryp, satyja görkezmeli.

Sowgatlyk petegini 300 manatdan köp möçberde haryt satyn alnanda töleg etmek üçin ulanyp bolýar. Mysal üçin, eger müşderiniň satyn alan harytlarynyň bahasy (30 % arzanladyşa çenli göz öňüne tutulýar) 301 manat bolan bolsa, müşderi sowgatlyk peteginiň suratyny satyja görkezip, eden söwdasy üçin 201 manat töleýär.
Mundan başga-da, «Tchibo» dükanlarynda köp sanly haryt görnüşleri üçin 50%-e çenli arzanladyş dowam edýär.

Ýakynlaryna nähili sowgat aljagyny bilmeýän müşderiler bolsa dükanyň 500 manat we şondan ýokary möçberdäki ýörite niýetlenen sowgatlyk peteginden peýdalanyp bilerler.
Belläp geçsek, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Berkarar» hem-de «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýerleşýän «Tchibo» dükanlarynyň ýokary hilli önümleri bilen eýýäm tanyşdyrlar. Bu ýerden bütin maşgala üçin gerekli bolan dürli hili harytlary, şeýle-de ajaýyp sowgatlyklary satyn almak bolýar.
Mälim bolşy ýaly, «Tchibo» — diňe bir meşhur kofe haryt nyşany bolmak bilen däl-de, eýsem ýokary hilli önümleriň özboluşly görnüşleri bilenem giňden tanalýan german brendidir. Olaryň hatarynda erkekler, aýallar we dürli ýaşdaky çagalar üçin egin eşikler, öý goşlary, özboluşly enjamlar, sport we çagalar oýunlary üçin enjamlar, şeýle hem awtoulagyň içerki esbaplary hem-de diňe «Tchibo» üçin döredilen beýleki original önümler bar.


«Tchibonyň» harytlarynyň tapawutly aýratynlygy — önümleriň ýokary derejeli bolmagy. Dükanyň her bir önüminde TCM (Tchibo certified merchandise) diýen belgi ýerleşdirilip, ol «Tchibonyň» sertifikatlaşdyrylan harytlary» diýmegi aňladýar. Bu belgi — ýokary hiliň kepilligi we önümleriň özboluşlylygynyň görkezijisidir.
«Tchibonyň» haryt görnüşleri yzygiderli täzelenýär. Önüm öndüriji işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän, gyş geýimlerini, dürli aksessuarlary we beýlekileri halaýanlar tarapyndan giňden peýdalanylýan harytlaryň hataryny has-da baýlaşdyrmaga ymtylýar.
Şeýle-de «Tchibo» häzirki zaman çulki-jorap önümleriniň we içki geýimleriň öňdebaryjy paýlaýjysy bolan «Nur Die» meşhur Ýewropa brendi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Aşgabatdaky dükanlarynda «Nur Die» joraplarynyň dürli hili görnüşleri, şol sanda bambuk, aloe süýümleri, şeýle-de kümüş iony goşulan matadan taýýarlanan jorap önümleri hödürlenip, olar duýgur derili aýaklaryň rahatlygyny üpjün edýär. Çagalar üçin bolsa «Nur Die» tyýpançak bolmaz ýaly ökjesi silikon bilen örtülen joraplaryň we kolgotlaryň tapgyryny işläp taýýarlady.
Önümleriň bir topary bolsa bedene ideg etmek, manikýur, massaž hem-de syrmak üçin niýetlenen önümlerdir.
«Hobbi» kategoriýasynda boş wagtyňyzy peýdaly geçirmäge ýardam etjek ýokary hilli we peýdaly önümleriň giň toplumy hödürlenýär. Olaryň arasynda tikin enjamlary, oýunjaklar, abatlaýyş gurallary bar. «Tchibo» dükanlary — el işlerini halaýanlar üçin hakyky «jennetdir». «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän ýörite bölümden dürli oýnawaçlary we senetleri döretmek üçin her hili ýüplükleri, çişleri, asgyçlary, esbaplary, bir söz bilen aýdylanda, döredijilik ukybyny açmaga ýardam etjek ähli zady satyn alyp bilersiňiz.
«Tchibonyň» harytlarynyň ähli görnüşleri hem-de bahalary ýerleşdirilen sosial media ulgamyndaky sahypasyndan hem tanyşmak bolýar. Dükanlar harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýärler.
Germaniýanyň harytlaryny şu salgylardan arzanladyş bilen satyn alyp bolýar:
- «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, «Tchibo» dükany (С 7). Telefon belgisi: (+993 12) 46 88 22;
- «Aşgabat» SDAM, 1-nji gat, «Tchibo» dükany (№ 115). Telefon belgisi: (+993 12) 41 55 58;
- Telefon belgisi: (+993 62) 47 88 33;
- El işlerini halaýanlar üçin «Tchibonyň» sosial media ulgamyndaky sahypasy.

