Turkmenportal logo
28.08.23
2915729157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisde ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Mejlisde ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabada sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar milli parlamentiň düzümi hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Netijeli we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisde ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi | Turkmenportal.com