Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistandan ýylda 2 milliard kub metr gaz satyn alar

15:2427.08.2023
0
19868

«Uzgaztreýd» we «Turkmengaz» döwlet konserni türkmen gazyny ýylda 2 milliard kub metre çenli üpjün etmek maksady bilen gysga möhletli şertnama baglaşdy.

Bu ylalaşyk Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy. Bu barada «Uzdaily» ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Ž.Mirzamahmudow Özbegistan bilen Türkmenistanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hususan-da, türkmen gazyny üpjün etmek we üpjünçiligiň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça uzak möhletleýin şertnama baglaşmak meselesine garadylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň